Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda, Lebapda ilatly ýerler uzak wagtlap toksuz galýar


Elektrik energiýasynyň öçüp durmagy suw üpjünçiliginiň kesilmegine we öý-hojalyk enjamlarynyň zaýalanmagyna sebäp bolýar.
Elektrik energiýasynyň öçüp durmagy suw üpjünçiliginiň kesilmegine we öý-hojalyk enjamlarynyň zaýalanmagyna sebäp bolýar.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde elektrik togunyň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpelýär. Ýaşaýjylar yssyda kösenýär, käbir halatlarda suwsuz galýar, hojalyk enjamlary sandan çykýar.

Maryda elektrik togunyň kesilmegi welaýatyň ençeme etrabynda, şol sanda Baýramaly, Garagum, Türkmengala we Sakarçäge etraplarynyň çäklerinde ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Käbir halatlarda elektrik togy 3-4 sagatdan kesilýär we 1-2 gije-gündize çenli bolmaýar.

Netijede, uzakly gün tomsuň yssysynda hojalyklarda sowadyjylar işlemeýär, ýaşaýjylaryň azygy zaýalanýar. Maddy ýagdaýy pes maşgalalara has-da uly agram düşýär. Dükanlar hem toksuz zyýan çekýär, harytlar zaýalanýar. Bu barada Azatlyk Radiosyna Marynyň birnäçe ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Etrap ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, "Maryenergo" edarasynyň ýerli hünärmenleri elektrik energiýasynyň yzly-yzyna kesilmegini tok geçiriji infrastrukturanyň könelmegi we hünärmen ýetmezçiligi bilen düşündirmäge çalyşýarlar.

Ýurduň gündogar sebiti Lebapda hem soňky hepdelerde toguň öçmegi we elektrik energiýasynyň basyşynyň durnuksyzlygy adamlaryň durmuşyny kynlaşdyrýar.

Ýaşaýjylaryň bellemegine görä, elektrik togy "nobat boýunça" ilatly ýerlerde "her gün durnukly görnüşde 3-5 sagatlyk" öçýär, käwagt 18-20 sagatlap bolmaýar. Emma muňa garamazdan, ilata hiç hili resmi düşündiriş ýa-da bildiriş berilmeýär, kompensasiýa tölenmeýär.

Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu ýagdaý soňky hepdelerde welaýatyň Dänew, Çärjew, Saýat, Sakar, Hojambaz etraplarynda ýüze çykypdyr.

Lebaply ýaşaýjylar elektrik togunyň ýygy-ýygydan kesilmeginiň netijesinde tomsuň jöwzaly yssysynda hojalyklaryň toksuz we yşyksyz galýandygyny, azyk sowadyjylary, split sistemalar, telewizorlar we öý internet enjamlary ýaly gymmat elektrik gurallary sandan çykyp, adamlaryň uly zyýan çekýändigini gürrüň berdiler.

"Toguň oýnamagy netijesinde eýýäm öýümizde iki sany holodilnik köýdi, goňşularda kondisionerler köýüp gitdi. Energiýa üpjünçilik edarasyndan hiç hili kompensasiýa ýa-da kömek alyp bilemzok" diýip, dänewli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Mary we Lebap welaýatlarynyň energiýa edaralaryndan resmi görnüşde teswir almak synanyşygy oňyn netije bermedi.

Emma "Lebapenergo" edarasynyň işgäri anonimlik şertinde söhbetdeş bolup, etraplaryň elektrik üpjünçiliginiň nobat boýunça guramaçylykly tertipde öçürilýändigini gürrüň berdi

"Tomus aýlarynda merkezi Türkmenabat şäherini üznüksiz elektrik togy bilen üpjün etmek maksady bilen, etraplarda elektrik togy nobat boýunça 'weýer elektrik togunyň kesilmegi', ýagny tapgyrlaýyn görnüşde ýola goýuldy. Netijede, elektrik togy etraplarda 3-5 sagatlap, kä wagtlarda 6-9 sagatlap hem öçürilýär" diýip, lebaply hünärmen aýtdy.

Mundan başga-da, hünärmenleriň sözlerine görä, geçiriji liniýalaryň infrastrukturasy görnetin ýarawsyz hala gelendigi sebäpli, käbir ilatly ýerlerde transformatorlar ýygy-ýygydan sandan çykýar. Netijede, bejeriş işleri 12-24 sagatdan 3-4 güne çenli wagty talap edýär. Käwagt ýerli ýaşaýjylar pul ýygnap, täze transformator satyn almaga borçly bolýar.

Bu kynçylyklar ýerli häkimiýetler tarapyndan agzalmaýar we döwlet metbugatynda gozgalmaýar.

Ýurduň elektrik energiýasyny öndürýän iri desgalarynyň ýerleşýän sebiti Maryda elektrik energiýasy geçen aýdan bäri uzak wagtlap kesilýär.

Türkmenistan elektrik energiýasyny uly mukdarda öndürip, sebit goňşularyna satýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG