Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adamlar bahalardan nägile, prezident 'halka seretmeýär' diýýärler


Turkmenistan. Shortage of chicken legs. September 2023
Turkmenistan. Shortage of chicken legs. September 2023

Et önümleriniň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanmagy maddy ýagdaýy ozalam gowy bolmadyk hojalyklara gaty agyr degýär, öý guşlarynyň hyrydary köpelýär, towuk budunyň bahasy ýokarlandy diýip, Azatlygyň Ahaldaky habarçysy habar berýär. Ol adamlaryň bu gymmatçylygy prezidentiň 'halka seretmezliginden' görýändiklerini belleýär.

Mal etiniň kilogramy 100 manada baryp ýetdi, bu ýagdaý öý guşlarynyň etine bolan isleg-talaplaryň has ýokarlanmagyna getirdi, ozal kilogramy 20-21 manat bolan towuk budy häzir 25 manatdan satylyp başlandy diýip, habarçy ýaşaýjylaryň bu ýagdaýdan örän nägile bolýandygyny, ýagdaýyň agyrlaşmagyny prezidentiň iş başarmazlygyndan görýän adamlaryň hem az däldigini aýtdy.

“...prezident iş berip bilenok, her kim nädip gününi aýlasa, aýlap ýör. Döwlet işinde işleýän adamlaryň hem aýlyklary az, köp adam et satyn alyp bilmeýär. Bu prezident nämäniň esasynda etiň bahasyny ýokarlandyrýar? Halkyň ýagdaýy gözgyny, käşgä halkyň ýasaýşyny öwrenen bolsa, adamlar işsiz, aç halky bar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy öz nägileligini bildirdi.

“Halkyň näçe bölegi işli, näçesi işsiz?"

Azatlyk ýurtdaky ot-iým ýagdaýlary, mallaryň hor düşmegi, maldarlaryň kynçylyklary barada yzygiderli habar berýär, emma häkimiýetler bu ugurdaky meseleler boýunça ilata ýa metbugata düşündiriş bermegi zerur hasaplamaýar.

Şol bir wagtda, türkmen metbugaty ilatyň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygyny aýdýar, mollalar, hormatly ýaşululary diýilýänler daşary ýurtlara gidip işlemek zerurlygynyň ýokdugyny öňe sürýärler.

Azatlygyň söhbetdeşleri durmuş şertleriniň gowulaşýandygy barada aýdylýanlar bilen ylalaşmaýarlar.

“...halkyň näçe bölegi işli, näçesi işsiz? Ol özi aç ýatyp gördümikä, hakyky halkyny görjek diýse, bazarlara barsyn, el serip ýören pensioner adamlar bar. Olaryň pensiýasy 3 kilogram et satyn almaga ýetenok. Ilki aýlyklary düzetsin, işsizlere iş orunlaryny açyp bersin” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi ‘öň açylan iş ýerleriniň hem ýapylýandygyny, ştat kemeltmeler arkaly, işleýän adamlaryň sanynyň öňküsinden hem azaldylýandygyny’ öňe sürdi.

"Halkdan habar almadylar, ýanynda durup gepleşmediler"

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlarynyň aýdylmazlygyny soraýan raýatlar mätäçligiň ‘başa bela bolandygyny aýdýarlar.

“Adamlar toga, gaza, agyz suwuna pul tapsynmy ýa-da azygyna ýetirsinmi? Halkdan habar almadylar, halkyň ýanynda durup, bir gezegem gepleşip görmediler, biz bulardan gaty nägile” diýip, aýratynlykda gürleşilen ýaşaýjy aýdylýanlary tassyk etdi.


Aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, ilki mal etiniň, soň towuk budunyň gymmatlamagy netijesinde, puly ýetmän, mätäç adamlar bazarda yslanan, zaýa bolan towuk butlaryny hem satyn almaga başladylar.

“Bir goňşym bazarlara, towuk budy satylýan dükanlara aýlanyp, itime bermäge gerek, zaýa, yslanan towuk budy bolsa beriň diýip aýlanýar. Ol goňşymda it ýok, 1 kilogram yslanan towuk buduny arzan, 5 manatdan satyn alyp, gaýnadyp döküp, soň täzeden bişirip, çagalaryna iýdirýär” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Dilegçilige utanyp, it bahanasy bilen, janly soýýan adamlardan malyň zyňyljak iş goşlaryny soraýan adamlar hem köpelýär, eger ol özüm iýjek ýa çagama iýdirjek diýse, baha gymmatlaýar, arzan bermeýärler diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, häzir adamlar öýde ýetişdirilen ak kepderileriň her birini bazarda 5 manatdan satyn alyp, çagalaryna bişirip iýdirmäge başlady.

Açlyk adamlary gögerçin awlamaga itekleýär

Şeýle-de, mal etiniň, guş etiniň gymmatlamagy ozal kän alynmaýan towşan etiniň hem bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi, adamlar towşan etini hem höwes bilen iýmäge başlady diýip, çeşme dek düýn özüniň towşan etinden palaw bişirendigini gürrüň berdi.

Habarçymyz häzir bir towşanyň 50 manatdan başlap, 100 manada çenli aralykda bahalanýandygyny, onuň göwresine görä bahasynyň üýtgeýändigini ýazýar.

Öňler iň uly towşanlaryň, ýagny 2,5 - 3 kilogram çykjak towşanlaryň bahasy hem 50 manatdan geçmezdi diýip, söwda işgäri aýtdy.

Mätäçlik adamlary jaýlaryň, orta mekdepleriň binalarynyň üçegine çykyp, gögerçin awlamaga mejbur edýär, aşak düşek bolanlarynda ýykylyp, el-aýagyny agyrdýanlar hem bar diýip, Azatlygyň söhbetdeşi bu zatlara prezidenti “günäkär” hasaplaýandygyny, onuň “halka hiç seretmeýändigini” aýtdy.

Türkmen metbugaty käte täze kärhanalaryň, sehleriň açylýandygyny, ulanylmaga berlen täze desgalaryň uiş orunlarynyň köpelmegine uly goşant goşýandygyny habar berýär, ýöne Azatlyk iş orunlarynyň köpelýändigi ýa azalýandygy barada aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda barlap bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG