Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada geçýän BMG forumynda myhmanlara ýokary tizlikli Internet hödürlenýär, ýerli halk 'gultunýar'


Awazada 2018-nji ýylda geçirilen bir halkara maslahatdan pursat. Arhiwden alyndy. Illýustrasiýa.
Awazada 2018-nji ýylda geçirilen bir halkara maslahatdan pursat. Arhiwden alyndy. Illýustrasiýa.

Türkmenistanda Internet ulgamyny berk gözegçilikde saklap, raýatlaryň halkara toruna päsgelçiliksiz baglanmagyny çäklendirmekde tankytlanýan häkimiýetler Awazada geçýän BMG forumynyň fonunda daşary ýurtly myhmanlary ýokary tizlikli Internet bilen üpjün edýär. Bu ýagdaý ýerli ilaty 'gultundyrýar'.

Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça III maslahaty 5-8-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýär.

Daşary ýurtly myhmanlar, ösüp barýan onlarça ýurduň döwlet baştutanlary we hökümet başlyklary, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler maslahata gatnaşmak üçin Awazada bolýar.

Döwlet mediasyna görä, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iri halkara maslahatyň meýdançalarynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, şeýle-de BMG-niň baş sekretary Antonýu Guterriş bilen Awazada duşuşdy.

Bu maslahata dünýä ilatynyň 520 milliondan gowragyna wekilçilik edýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurduň ýolbaşçylary, parlament agzalary, media işgärleri we beýlekiler gatnaşýar.

Maslahat gury ýerde gulply galýan ýurtlaryň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini, ulag-üstaşyr ulgamlaryny kämilleşdirmäge, olaryň iri söwda bazarlaryna çykalgalar bilen üpjün edilmegini ösdürmäge goşant goşmagy maksat edinýär.

Internet üpjünçiligi

“Awaza dynç alyş zolagyndaky myhmanhanalar toplumynda bolýan daşary ýurtly myhmanlar ýokary tizlikli Internet mümkinçiliginden peýdalanýar. Türkmenistanyň raýatlaryna gadagan edilen sosial torlar, şol sanda YouTube we beýlekiler myhmanlara elýeterli” diýip, bu çäräni ýakyndan synlaýan çeşmeler aýdýar.

Türkmenistan öz ilatynyň Internet elýeterliligini berk çäklendirmekde, raýatlaryň aragatnaşygyny berk gözegçilik astynda saklamakda tankyt edilýär.

“Hökümet öz halkyna öweý gözi bilen seredýän ýaly bolup görünýär, şeýle çemeleşmelere düşünip bolmaýar” diýip, Awazada bolýan daşary ýurtly myhmanlaryň telefonlaryndaky we planşetlerindäki ýokary tizlikli Internetden habarly çeşmeler aýdýar.

Awaza dync alyş zolagy
Awaza dync alyş zolagy

Ýatlasak, Britan hünärmenleri özleriniň 2021-nji ýylda geçiren halkara barlaglarynda dünýäde iň haýal Internet hyzmatlarynyň Türkmenistanda hasaba alnandygyny aýtdylar. Biraz soň, 2023-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň iki ýokary ýokary okuw jaýynyň informasiýa tehnologiýalary boýunça hünärmenleriniň geçiren barlaglary bu ýurtda 122 müňden gowrak Internet domen salgysynyň petik astynda saklanýandygyny anyklady.

Ýöne halkara foruma gatnaşmak üçin Awaza syýahatçylyk zolagyna gelen daşary ýurtly myhmanlar bu ýurtda özleri üçin ýörite ýola goýlan ýokary tizlikli Internet hyzmatlarynyň hözirinden peýdalanýarlar.

'Ýerli halk ät galýar'

“Bu aralykda, ýerli halk üçin Internet torunyň tizligi haýalladylyp, sosial torlar, messenjerler petiklenýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Ýatlasak, Türkmenistanda Internet gözegçiligi halkara forumyň öňüsyrasynda has-da güýçlenipdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri we habarçylary ýurtdaky Internet çäklendirmeleriniň geriminiň iýul aýynyň ahyrynda täze derejelere çykarylandygyny habar berdiler. Şonda Aşgabatda we sebitlerde VPN hyzmatlary köpçülikleýin petiklenip başlandy. Şahsy wirtual torlaryny gurup berýän ussalar häkimiýetler tarapyndan soraga çekilipdi.

Döwlet media serişdeleri ýurtda geçirilýän şeýle iri maslahatlary Türkmenistan döwletiniň halkara abraýynyň belende göterilmegi hökmünde wagyz edýärler. Ýöne habar serişdeleri ýurtdaky ýapyklyk, global toruň ýönekeý raýatlar üçin çäklendirilmegi, raýatlaryň Internet aragatnaşygynyň häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilikde saklanmagy ýaly ýagdaýlar barada asla habar bermeýär.

“Daşary ýurtlardan Türkmenistana gelen myhmanlar howa menzilinden başlap, ähli amatlyklardan peýdalanýarlar, ýöne ýurduň öz halky howa menzilinden başlap, uzyn-uzyn nobatlarda gün geçirýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Türkmenleriň arasynda köplenç myhmanyň sarpasy ileri tutulýar, “myhman ataňdan hem uly” ýaly sözler nakyla öwrülip, şeýle terbiýe halk arasynda giňden wagyz edilýär. Ýöne Awazada geçýän halkar forumyň fonunda ýerli ýaşaýjylar özleriniň aragatnaşyk mümkinçilikleriniň gysylyp, olaryň çäklendirilmegini ret edýärler.

“Türkmenistanda iş alyp barýan az sanly daşary ýurt kompaniýalarynda-da Türkmenistanyň raýatlaryna az aýlyk tölenýär” diýip, balkanly ýaşaýjylar öz mertebeleriniň häkimiýetler tarapyndanda-da, Türkmenistanda iş alyp barýan az sanly daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan-da äsgerilmeýändigine üns çekdiler.

Bu aralykda, Merkezi Aziýa liderleri Awaza forumynyň meýdançalarynda Sebit liderleriniň nobatdaky konsultatiw duşuşygyny maslahat etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG