Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Senaty (parlamentiň ýokarky palatasy) 90 günden gowrak wagt daşary ýurtda bolan özbekleriň, şeýle-de daşary ýurtlularyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň WIÇ barlagyndan geçirilmegi baradaky kanuny tassyklady.
Özbegistanda 18 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky adamlaryň, 90 gün ýa-da ondan hem köp wagtlap daşary ýurtda ýaşan bolsa, Özbegistanda hemişelik ýaşaýan ýa-da ýurda gelýän daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlaryň, WIÇ näsaglygy boýunça saglyk kepilligini almagy hökmany bolar.
Kanuna görä, WIÇ keseli we inçekesel bilen näsaglandygy anyklanan daşary ýurtlulara iş rugsady berilmez.
Parlamentiň maglumatyna görä, 2024-nji ýylda uzak möhletli daşary ýurtda bolan we yzyna gelen 1,7 million raýatyň 434,000 (25%) meýletin WIÇ barlagyndan geçdi, olaryň 1,512-sinde immunitet ýetmezçiligi wirusy bar.
Mundan başga, meýletin barlagdan geçen 12,700 daşary ýurtlynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 81 sanysynda WIÇ ýüze çykaryldy.