Daşary ýurtlardan dolanýan türkmenistanlylar işsizlik sebäpli, gaýtadan ýurt daşyna çykmaga çalyşýar

Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Ençeme ýyllardan bäri daşary ýurtlarda zähmet çekip, 1,5 ýyl ozal Türkmenistana dolanan tejenli bir ýaşaýjy dowam edýän ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik, harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň aşa gymmat bolmagy sebäpli, özüniň iş gözleginde täzeden ýurt daşyna çykmaga çalyşýandygyny aýdýar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, efirde ady Aşyr diýlip üýtgedilen türkmenistanly soňky bir ýarym ýylda öz başdan geçirenlerini, on ýyldan gowrak wagt daşary ýurtlarda zähmet çekenden soňra, ýurda dolanyp, aýaly we çagalary bilen duçar galan ýagdaýlaryny, göwüs germeli bolan durmuş-ykdysady meselelerini Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Beýle boljagyny bilen bolanymda, asla ýurda dolanmazdym” diýip, Aşyr ahmyr bilen uludan demini alýar.

Degişli maglumat Onlarça tükmen migranty Moskwanyň deportasion merkezinde saklanýar

“Daşary ýurtda on ýyldan gowrak işläp, Tejende jaý gurdum, ýeňil awtoulag edindim, bulardan daşary, biraz pul ýygnap, dogduk diýara dolandym” diýip, ol aýdýar.

Öýe gaýtadan uýgunlaşmak

Paýtagtdan iki ýarym sagat çemesi aradaşlykda ýerleşýän sebitde mesgen tutan ýaşaýjy, ilki-ilkiler, maşgalasynyň üpjünçiligini ýola goýmagyň, jaý edinip, awtoulag almagyň beren rahatlygy bilen ýuwaş-ýuwaşdan watanda gaýtadan ornaşmaga, kök salmaga başlaýar, daşar ýurt döwletinde ýygnap, öz ýany bilen alyp gelen pullaryny maýa goýup, telekeçilige başlamagy ýüregine düwýär.

“Men aýalym bilen iki sany dükany kireýine alyp, söwda-satyk bilen meşgullanyp başlamakçy boldum. Bir dükanda egin-eşik satdyk, bazarda ýerleşýän beýleki dükanda azyk harytlaryny satdyk” diýip, Aşyr aýdýar.

Ýöne aradan köp wagta geçmänkä olar egin-eşik söwdasynyň şowsuz synanyşyk bolandygyna düşünýärler. “Şonuň üçin, egin-eşik dükanymyzy ýapmaly bolduk, söwdamyz paşmady” diýip, zähmet migrasiýasyndan dolanmagynyň yz ýany, ýurda gaýtadan ornaşmak ugrunda eden synanyşyklary başa barmadyk tejenli aýdýar.

Türkmenistanda, hususan-da, soňky ençeme ýylyň dowamynda köp sanly hojalyklara agyr urgy bolan maliýe-ykdysady kynçylyklar ýüzlerçe müň türkmenistanlynyň iş-eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmagyna alyp geldi.

Ýöne tutuş dünýä öz täsirini ýetiren koronawirus pandemiýasynyň yz ýany, şeýle-de dürli sebitlerde dowam edýän uruşlaryň, ýaragly çaknyşyklaryň arasynda, syýasy we ykdysady durnuksyzlygyň fonunda, galyberse-de türkmenistanlylaryň köplük bolup ýaşaýan ýurtlarynda, şol sanda Türkiýede migrantlara garşy çäreleriň güýçlendirilmegi bilen, türkmenistanlylaryň ýurda dolanyp başlamagy barada habarlar gürelip başlady.

Türkiýäniň resmi statistika sanlaryna görä, bu ýurtda 200 müň çemesi türkmenistanly kanuny ýaşaýyş rugsady bilen ýaşaýar.

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda türk häkimiýetleri Aşgabadyň haýyşy boýunça türkmen raýatlaryna degişli wizasyz syýahat düzgünini ýatyrypdy.

Degişli maglumat Ýewropa barmak isleýän türkmenistanlylaryň arasynda Rumyniýanyň wizasyna isleg artýar

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, özüniň işläp gaýdan ýurduny aýtmakdan saklanan Aşyr hem soňky ýyllarda hemişelik ýaşamak maksady bilen öz dogduk diýaryna dolanan türkmenistanlylaryň biri bolmaly.

Ahmyr

“Beýle boljagyny bilen bolanymda, asla dolanmazdym” diýip, ol ýene bir gezek gaýtalaýar.

Aşyr on ýyldan gowrak mundan ozal yzda goýup giden ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen häzirki şertleri deňeşdirýär.

“Diňe gaz, tok we suw üçin alynýan tölegleriň özi hem ýetik, azyk harytlary gymmat, iş orunlary tapdyrmaýar” diýip, ol aýdýar.

Aşyr on ýyl ozal hem iş-eklenç aladalary bilen bagly problemalardan ejir çekip, ýurdy terk edipdi. Şol wagtlar hem ýurtda işsizlik höküm sürýärdi, ol häzir hem ilatyň işsizlikden, durmuş-ykdysady problemalardan kösenýändigini aýdýar.

“Indi, bir gitsem, çagalarymy hem ýanym bilen alyp gidip, olaryň hem daşary ýurtlarda galmagyny üpjün etmäge synanyşaryn” diýip, Aşyr aýdýar.

Daşary ýurtlarda zähmet çekýän türkmenistanlylar köplenç, mümkinçiligi bolsa, özleriniň baran ýurtlarynda uzak möhletli esasda işlemegi we ýaşamagy saýlap alýandyklaryny aýdýarlar, ýöne şol bir wagtda, migrantlar bilen geçirilýän söhbetdeşliklerden hem-de sosial media maglumatlaryndan çen tutulsa, olar köplenç watanda jaý salyp, uzak möhletde ýurda dolanmagyň aladasy bilen işleýärler.

Kimler Türkmenistanda öýlenip, durmuş gurmak maksady bilen, daşary ýurtlarda işläp, pul gazanmaga gidýär, kimler, tejenli Aşyr ýaly, jaý salyp awtoulag edinmek maksady bilen ýurduň daşyna çykýar.

Ýöne olar ne ýurduň daşynda, ne-de ýurduň içinde durmuşyň hözirini görüp bilýär. Sebäbi, bir tarapda pasport meselesi türkmen raýatlarynyň halkara hereketini çäklendirýär, beýleki tarapdan, maşgalasyny we çagalaryny watanda goýup, zähmet migrasiýasyna çykan türkmenistanlylar “aýraçylygyň azaby bilen” ýaşamaga mejbur bolýar.

Degişli maglumat Migrant türkmenler Aşgabadyň özlerini gysyp, 'jenaýata itekleýändigini' aýdýarlar

Ýöne, tejenli Aşyr, şeýle problemalara garamazdan, özüniň ýene bir gezek ýurduň daşyna çykyp, bu gezek, has uzak möhletläp, belki-de hemişelik ýagdaýda daşary ýurtda galmaga çalyşjakdygyny aýdýar.

'Bir gitsem, gelmerin!'

“Dükan işi başa barmady. Egin-eşik dükanymyzy-da, azyk dükanymyzy-da ýapmaly bolduk. Satyn alan awtoulagymda kireý etjek boldum, ýöne ulag bozulanda ätiýaç şaýlaryna pul tapmak kyn boldy. Arzan bahadan ulagymyzy-da satdyk” diýip, Aşyr aýdýar.

“Pulsuzluk sebäpli hojalykda uruş-sögüş, goh-galmagal köpelip başlady. Öýdäkim çagalarymyzy ýanyna alyp, aýrylyşyp gidip-gelip başlady” diýip, Aşyr aşak seredýär.

“10 ýylda ýygnan pulumy 1,5 ýylda sowup gutardyk. Maşyn gitdi, jaýyňam käbir zatlaryny gurluşyk materialy hökmünde satan wagtlarym boldy” diýip, ol gynanýar.

Aşyr ýene bir gezek “bagty açylyp”, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna çykmaga mümkinçiligi bolsa, ýurda gaýdyp dolanmajakdygyny, maşgalasyny hem öz ýanyna çagyrjakdygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri daşary ýurtlarda zähmet migrasiýasynda bolup, ýurda dolanýan, ýöne birmeňzeş problemalar sebäpli, iş-eklenç mümkinçilikleriniň gözleginde gaýtadan ýurduň daşyna çykmaga çalyşýan adamlaryň az däldigini aýdýarlar.

Ýöne soňky ýyllarda türkmenistanlylaryň iş-okuw gözleginde barýan ýurtlarynda, şol sanda Türkiýede, ABŞ-da we Russiýada migrantlara garşy, hususan-da dokumentsiz migrantlara garşy häkimiýetleriň durmuşa geçirýän çäreleri güýçlenip başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.