Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada "Krokusdaky" terrorçylyk hüjümi boýunça sud işi başlandy


2024-nji ýylyň 22-nji martynda "Krokus" konsert binasyndaky ýangyn
2024-nji ýylyň 22-nji martynda "Krokus" konsert binasyndaky ýangyn

Ikinji Günbatar etrap harby sudy 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwanyň golaýyndaky Krokus şäher konsert zalynda bolup geçen terrorçylykly hüjüm bilen bagly jenaýat işine seredip başlady, şol ganly hüjümde 149 adam öldi we 609 adam ýaralandy.

Sud işini Timur Židkowyň ýolbaşçylygyndaky üç sudýadan ybarat topar alyp barýar. Prokuroryň haýyşy boýunça kazyýet işi metbugat üçin ýapyk.

Sud işi boýunça aýyplanýan 19 adam bar. Derňew olaryň dördüsini "Yslam döwletiniň" owgan öýjüginiň (köp ýurtda terrorçy diýlip ykrar edilen) "Wilaýat Horasan" toparynyň agzalary we terrorçylykly hüjümiň gönüden-göni günäkärleri hasaplaýar. Dalerjon Mirzoýew, Saidokram Raçabalizoda, Şamsidin Fariduni we Muhammadsobir Faizow terrorçylykdan soň ilkinji günlerde tussag edildi we Russiýanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýenjildi.

Derňewçileriň bellemegine görä galan 15 adam "şärikler" we "terrorçylary ýaraglandyran adamlar" hasaplanýar.

"Wilaýat Horasan" öýjügi terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, ýöne rus häkimiýetleri "ukrain yzynyň" bardygyny öňe sürýärler. Russiýanyň Derňew komitetiniň soňky metbugat beýanatynda "jenaýatyň syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak maksady bilen Ukrainanyň häzirki ýolbaşçylarynyň bähbidine meýilleşdirilendigi we amala aşyrylandygy" aýdylýar.

XS
SM
MD
LG